Programma – Aýratynlyklar
1 Sonicare programmasyny telefonyňyza göçürip alyň.
2 Telefonyňyzda Bluetooth-yň açykdygyny anyklaň.
3 Işjeňdigini (çyrasynyň ýanýandygyny) anyklamak üçin,
diş çotgaňyzy eliňize alyň.
4 Programmany açyp, gönükdirýän ädimleri berjaý ediň.
5 Diş çotgaňyzy programma bilen jübütläň.
6 Programma arkaly öz hasabyňyzy dörediň. Iň täze
gowulandyrmalara we aýratynlyklara girmek üçin,
eger soralsa, proşiwka täzelemesini tamamlaň.
7 Wagtly-wagtyna çotgalaň. Siz birigen tejribäňizi
başlatmaga taýýar. Diş çotgasyny wagtly-wagtyna
programma bilen sinhronlasaňyz, agyz saglygy
idegiňizi gowulandyrmaga kömek edýän täzelemeleri
alyp bilersiňiz.
8 Wagtly-wagtyna sinhronlaň.
-
El bilen sinhronlamak üçin: Programmanyň
aýratynlyklaryndan/mümkinçiliklerinden
peýdalanmak üçin, diş çotgaňyzy her iki hepdeden
programma bilen jübütläň/birikdiriň.
-
Awtomatik sinhronlamak üçin: Programmany
sazlaýarkaňyz, ýerleşiş rugsadyny beriň. Ýerleşiş
rugsatlaryny bermek arkaly, telefonyňyz diş çotgaňyza
birikme çägine girende muny bilýär we çotgalama
maglumatyňyzy programmada täzelendirip, iň täze
çintgemeleri we maslahatlary üpjün edip bilýär
Bellik: Programmany ulanýarkaňyz, telefonyň Bluetooth-y
açyk bolsun, şonda diş çotgaňyz çotgalama
maglumatyňyzy programma geçirip bilýär. Eger
çotgalama maglumatyňyzyň näme üçin ýygnalýandygy
barada soraglaryňyz bar bolsa, programmany sazlamak
prosesiniň dowamynda elýeterli bolýan Sonicare Gizlinlik
beýannamasyny hökman gözden geçiriň.
Sonicare programmasy diş çotgaňyz üçin ileri tutmaňyza
laýyklykda sazlanylýan sazlamalary üpjün edýär, şol
sanda:
-
Ýygjamlyk sazlamalary
-
Tertip dolandyryşlary
-
Adaptiw ýygjamlygy işlet we ýap
Türkmençe
485