394
Türkmençe
Niýetlenilýän ulanyş
Philips Sonicare enjamyňyz (Şek. 1.)
Sonicare programmasy – Ulanmaga başlamak
Bellik: Dürli modelleriň aýratynlyklary dürlüçe bolup
bilýär. Käbir modeller Bluetooth ýa-da NFC bilen
enjamlaşdyrylmadyk bolup biler.
Sonicare for Kids diş çotgalary dişiň çüýremegini azaltmak
we agyz saglygyny saklamak maksady bilen, dişlerdäki
daşy hem-de iýmit galyndylaryny aýyrmaklyga
niýetlenilýär. Sonicare for Kids elektrikli diş çotgalary
şahsy ulanmaklyga niýetlenilýär. Çagalaryň ulanmagy
ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr.
1 Tutawaç
2 Batareýa görkezijisi
3 Aç/öçür düwmesi
4 Stiker üçin panel
5 Tertip çyralary bolan çotgalama tertibi düwmesi
Esbaplar:
6 Nasadka gapajygy
7 Nasadka(lar)
8 Zarýad beriş bazasy
9 Stiker
10 Syýahat çeholy
Bellik: Dürli modelleriň esbaplary we aýratynlyklary
dürlüçe bolýar. Mysal üçin, käbir modelleriň ýany bilen
syýahat çeholy berilýär ýa-da Bluetooth goýlan bolýar.
Saglyga peýdaly endik döretmegi goldamak üçin,
Sonicare Kids programmasyny göçürip alyň. Ol
programma köp sanly iOS we Android (TM) akylly
enjamlary bilen ylalaşykly işleýär.
Bellik: Enjamyňyzda Bluetooth mümkinçiligi bolmasa-da,
Sonicare for Kids programmasyny iOS we Android (TM)
akylly enjamlarynda ulanyp, diş çotgalamak tejribäňizi
güýçlendirip bilersiňiz.
Sonicare programmasyny ulanyp başlamak üçin:
1 Mobil enjamyňyza Sonicare for Kids programmasyny
göçürip alyň.