Niýetlenilýän ulanyş
Philips Sonicare diş çotgaňyz
Ulanmaga başlamak
Nasadkany dakmak
3000 we 4000 seriýaly elektrikli diş çotgalary dişiň
çüýremegini azaltmak we agyz saglygyny saklamak
maksady bilen, dişlerdäki daşy hem-de iýmit
galyndylaryny aýyrmaklyga niýetlenilýär. 3000 we 4000
seriýaly elektrikli diş çotgalary diňe öýde ulanmaklyga
niýetlenilýär. Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi
astynda bolmalydyr.
1 Gigiýenik syýahat gapagy
2 Nasadka
3 Tutawaç
4 Aç/öçür düwmesi
5 Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
6 Zarýad derejesi görkezijisi
7 USB zarýadnik (diwar adapteri degişli däl)
8 Syýahat çeholy (Diňe belli bir modellerde)
Bellik: Diwar adapteri degişli däl. Diňe 5V adapter
(Görnüş A) ulanyň.
Bellik: Nasadkalar dürlüçe bolup bilýär.
1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip
durar ýaly edip, nasadkany deňläň.
2 Nasadkany metal walyň üstüne ol baryp durýança
berk basyň.
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk
görmek adaty ýagdaýdyr. Ol nasadkanyň talabalaýyk
titremegine mümkinçilik berýär.
405
Türkmençe