Aýratynlyklar
Tertipler (4000 seriýasy üçin)
EasyStart
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin,
Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz
zarýadnikde goýuň.
-
Tertipler (4000 seriýasy üçin)
-
EasyStart
-
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
-
Basyş sensory
-
QuadPacer
-
SmarTimer
Elektrikli diş çotgaňyz size duýgur we arassalamak
tertiplerini özara çalşyp ulanmak mümkinçiligini berýär.
Bellik: Diş çotgasyny birinji gezek ulanan wagtyňyz,
standart sazlama duýgur tertipde durýar.
Tertipleri üýtgetmek üçin:
-
Diş çotgasyny işletmek üçin, aç/öçür düwmesini bir
gezek basyň.
-
Tertibi üýtgetmek üçin, 2 sekundyň içinde ikinji gezek
basyň.
-
Sägindirmek üçin, 2 sekundyň içinde üçünji gezek
basyň.
2 sekunt çotgalanyňyzdan soň, energiýa düwmesini
gaýtadan basmak diş çotgasyny hem sägindirer.
Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy
işjeňleşen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips
Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiňize kömek
etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň
güýjüni çalajadan köpeldýär.
EasyStart-y deaktiwirlemek üçin, "Aýratynlyklary
işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek" bölümine serediň.
Philips Sonicare-iňiz nasadkanyň könelmegini yzarlaýan
BrushSync tehnologiýasy bilen üpjün edilendir.
409
Türkmençe