Descargar Imprimir esta página

Philips sonicare 3000 Serie Manual Del Usuario página 410

Ocultar thumbs Ver también para sonicare 3000 Serie:

Publicidad

Idiomas disponibles
  • ES

Idiomas disponibles

  • ESPAÑOL, página 99
410
Türkmençe
Basyş sensory
QuadPacer
1
2
4
3
Bellik: Bu aýratynlyk diňe BrushSync tehnologiýasy bar
bolan Philips Sonicare akylly nasadkalarynda işleýär.
1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda,
tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips
nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň
könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we wagt
möçberiňiz esasynda, tutawaç nasadkany çalyşmagyň
amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini
yzarlar. Bu aýratynlyk dişleriňize iň gowy arassalamagy
we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.
3 Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde
ýananda, nasadkany çalşyrmagyňyz gerek.
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy deaktiwirlemek üçin,
"Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek"
bölümine serediň.
Philips Sonicare-iňiz çotgalaýan wagtyňyz ulanýan
basyşyňyzy ölçeýän kämil sensor bilen
enjamlaşdyrylandyr. Eger gaty köp basyş ulansaňyz, diş
çotgasy dessine seslenme berip, basyşy azaltmagyňyz
gerekdigini görkezer. Bu seslenme titremäni üýtgetmek
arkaly berilýär we şol sebäpli çotgalama duýgusy hem-de
ses üýtgeýär. Mundan başga-da, nasadkany çalşyrmagy
ýatladyş çyrasy sary reňkde ýanyp söner.
Basyş sensoryny deaktiwirlemek üçin, "Aýratynlyklary
işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek" bölümine serediň.
QuadPacer aralyk taýmer bolup, ol gysgaça bipläp
säginýär we agyz boşlugynyň 4 bölegini gyradeň we
mazaly çotgalamak gerekdigini ýatladýar. Bu Philips
Sonicare diş çotgasynda QuadPacer aýratynlygy
işjeňleşen görnüşde gelýär.

Publicidad

loading

Este manual también es adecuado para:

Sonicare 4000 serie