Descargar Imprimir esta página

Philips sonicare 3000 Serie Manual Del Usuario página 407

Ocultar thumbs Ver también para sonicare 3000 Serie:

Publicidad

Idiomas disponibles
  • ES

Idiomas disponibles

  • ESPAÑOL, página 99
1
2
4
3
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti
çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly
edip, çalaja öňe-yza hereket etdirip, dişleriňizi
çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräňiziň
dowamynda dowam ediň.
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen
ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap
çotgalamak maslahat berilmeýär.
5 Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň
tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe
dik örtüşýän çotgalama hereketini ediň.
Bellik: Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin,
QuadPacer aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 4
bölege bölüň ("Aýratynlyklar" bölümine serediň).
6 1-nji bölekden (ýokarky dişleriň daş ýüzünden)
çotgalap başlaň we 30 sekunt çotgalap, 2-nji bölege
(ýokarky dişleriň iç ýüzüne) geçiň. 3-nji bölekden
(aşaky dişleriň daş ýüzünden) çotgalamaga dowam
ediň we 30 sekunt çotgalap, 4-nji bölege (aşaky
dişleriň iç ýüzüne) geçiň.
7 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz.
Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip,
diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Philips Sonicare diş çotgaňyz ortodontik skobaly
dikeldişlerde (nasadka skobada ulanylanda çalt
könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler,
winirler) ulanmaga howpsuzdyr. Eger problema ýüze
çyksa, onda diş lukmanyna ýüz tutuň.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda
ulanylanda, tutawaç arassalamak tertibinde we doly
zarýad berlen bolmalydyr we EasyStart aýratynlygy
deaktiwirlenen bolmalydyr.
1 USB zarýad beriş şnuruny diwar adapterine dakyp,
diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň.
407
Türkmençe

Publicidad

loading

Este manual también es adecuado para:

Sonicare 4000 serie