544
Türkmençe
QuadPacer
SmarTimer
EasyStart
Eger artykmaç basyş etseňiz, tutawaç tä basyşy
azaldýançaňyz öz titremesini üýtgedýär we nasadkany
çalşyrmagy ýatladyş şekiljgi sary reňkde ýanyp sönýär.
Bellik: Önümiňizde Basyş sensory işjeňleşdirilen görnüşde
gelýär. Bu aýratynlygy deaktiwirlemek üçin (ser.
"Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek").
QuadPacer agyz boşlugyňyzy 4 bölege bölmek arkaly
tutuş agyzda gyradeň çotgalamaga kömek edýän aralyk
taýmeri bolup durýar. (ser. "Çotgalama görkezmeleri")
SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny
awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräňiziň
tamam bolandygyny görkezýär.
Diş lukmanlary günde iki gezek azyndan 2 minutlap
çotgalamagy maslahat berýär.
Bellik: Eger çotgalama döwresini başladanyňyzdan soň,
aç/öçür düwmesini bassaňyz, diş çotgasy säginýär. 30
sekuntlyk säginmeden soň, SmarTimer nol edilýär.
Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy
işjeňleşdirilgi gelýär (diňe ýygjamlyk opsiýalary ýok
modeller şeýledir, ýygjamlyk opsiýalary bar bolan
modeller bu aýratynlygy işjeňleşdirip bilýär). EasyStart
aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga
öwrenişmegiňize kömek etmek üçin, ilkinji 14
çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan
köpeldýär.
Jogapkärçilikden ýüz öwürmek
Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda ulanylanda,
ol tutawaja doly zarýad berlen we EasyStart aýratynlygy
deaktiwirlenen görnüşde ýokary ýygjamlykda, Clean
tertibinde ulanylmalydyr.
EasyStart işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek üçin (ser.
"Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek").