Descargar Imprimir esta página

Philips One HY1200 Manual Del Usuario página 96

Ocultar thumbs Ver también para One HY1200:

Publicidad

Idiomas disponibles
  • ES

Idiomas disponibles

  • ESPAÑOL, página 24
9 USB-A adapterini ştekerjige
Bellik: Esbaplar satyn alnan modele görä dürlüçe
bolup biler.
Ulanmaga başlamak
Nasadkany dakmak
1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip
durar ýaly edip, nasadkany deňläň. Nasadkany
metal walyň üstüne basyň (Sur. 4).
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk
görmek adaty ýagdaýdyr (Sur. 5). Ol nasadkanyň
talabalaýyk titremegine mümkinçilik berýär.
Philips One enjamyňyza zarýad bermek
1 USB-A zarýad kabelini tutawajyň aşagyndaky
zarýad beriş portuna dakyň (Sur. 6).
2 USB-A zarýad kabelini 5 V USB diwar adapterine
(Görnüş A) birikdiriň.
Bellik: Diwar adapteri degişli däl. Diňe 5V IPX-4
adapterini (Görnüş A) ulanyň.
3 Philips One enjamyňyz diş çotgasynyň zarýad alyp
durandygyny görkezmek üçin iki gezek bipleýär.
4 Diş çotgaňyz dolýança zarýad almaga dowam
edýär.
-
Diş çotgasy zarýad alýarka, batareýa görkezijisi
ak reňkde ýitelýär we solýar.
-
Doly zarýad alanda, batareýa görkezijisi ak
reňkde ýanýar we 30 sekunt soňra sönýär.
Bellik: Batareýa doly zarýad bermek 8 sagada çenli
çekip biler, ýöne diş çotgasyny doly zarýad
almanka-da ulanyp bilersiňiz.
Syýahat etmek
Bellik: Satyn alan modeliňize baglylykda, Philips One
enjamynyň ýany bilen syýahat çeholy ýa-da syýahat
gapagy berilýär, onda bolsa syýahat wagtynda
elektrikli diş çotgasyny goýup bolýar.
Syýahat çeholy
Philips One diş çotgaňyzy gyllaryny aşak tarapa edip,
syýahat çeholyna salyň. Syýahat çeholynyň gapagyny
şyrkyldadyp ýapyň.
Philips One diş çotgaňyzy syýahat çeholyndan
çykarmak üçin, şu ädimleri berjaý ediň:
1 Syýahat çeholynyň gapagyny gapdallygyna açyň.
2 Syýahat çeholynyň iki ujuny hem saklap, diş
çotgasynyň esas suduryny çümmükläň (Sur. 7).
3 Diş çotgasy ýokaryk galar. Diş çotgasyny galdyryň.
Nasadka syýahat gapagy
Philips One nasadkaňyzy gyllaryny ýokaryk edip,
syýahat gapagynyň korpusynyň içine ýerleşdiriň.
Gapagyň iki tarapyny bilelikde basyp ýapyň (Sur. 8).
Nasadkanyň syýahat gapagyny aýyrmak üçin:
1 Gapagy ýokaryk tarap seretdiriň, tutuwajy bolsa
özüňize tarap seretdiriň.
2 Gapagyň her tarapyny bir eliňiz bilen tutup,
gapagyň sag tarapyny aşak basyň we çep tarapyny
usullyk bilen okuň görkezýän ugruna tarap edip
açyň (Sur. 9).
Philips One diş çotgaňyzy ulanmak
Eger bu diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz,
el diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp
titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Philips One
mikro-titremeler arkaly dişleriňizi emaý bilen
arassalaýar. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş
çotgalama görkezmelerini berjaý ediň.
Philips One-yň ýany bilen SmarTimer we QuadPacer
berilýär, olar ähli dişleriňizi gyradeň çotgalamaga
kömek edýär.
SmarTimer
SmarTimer 2 minutlyk çotgalama döwresiniň
gutarandygyny habar bermek üçin, 3 gezek bipleýär
we awtomatik öçýär.
Bellik: Diş lukmanlary günde iki gezek azyndan 2
minutlap çotgalamagy maslahat berýär.
QuadPacer
QuadPacer agyz boşlugyňyzy 4 bölege bölmek arkaly,
ähli dişleriňizi gyradeň çotgalamagy ýatlatmak üçin,
her 30 sekuntdan bipleýän aralyk taýmeridir (Sur. 10).
1-nji bölekden (ýokarky dişleriň daş ýüzünden)
çotgalap başlaň we 30 sekunt çotgalap, 2-nji bölege
(ýokarky dişleriň iç ýüzüne) geçiň. 3-nji bölekden
(aşaky dişleriň daş ýüzünden) çotgalamaga dowam
ediň we 30 sekunt çotgalap, 4-nji bölege (aşaky
dişleriň iç ýüzüne) geçiň.
Bellik: Eger çotgalama döwresini başladanyňyzdan
soň, Energiýa düwmesini bassaňyz, diş çotgasy
säginer. 30 sekuntlyk säginmeden soň, SmarTimer we
QuadPacer nol edilýär.
Çotgalama görkezmeleri
Iň gowy tejribe üçin, diş çotgalama görkezmelerini
berjaý ediň.
1 Gyllary ölläň we üstüne azajyk diş pastasyny çalyň.
2 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45
gradus) (Sur. 11) bilen goýuň we gyllar diş eti
çyzygyna ýa-da diş eti çyzygynyň çalaja aşagyna
ýeter ýaly edip, çalajadan basyň.
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr.
3 Diş çotgasyny işletmek üçin, energiýa düwmesini
basyň.
4 Gyllar dişleriň ähli ýerine ýeter ýaly edip, çotgany
öňe-yza sürteläp, dişleriňizi çotgalaň. QuadPacer
biplände başga bölege geçiň. Bu hereketi 2
minutlyk çotgalama döwresiniň dowamynda
dowam ediň.
5 Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin,
çotgany dikligine egiň we birnäçe gezek ýokaryk
aşak edip sürtäň (Sur. 12).
6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz
(Sur. 13). Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da
öçürip, diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Elektrikli diş çotgaňyzy ortodontik skobalarda
(nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär) we diş
dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler) ulanmak
howpsuzdyr. Eger problema ýüze çyksa, onda diş
lukmanyna ýüz tutuň.
Batareýa ýagdaýy
Bu Philips One diş çotgasy azyndan 60 sany çotgalama
seansy üçin niýetlenilýär, şondan soň oňa 8 sagatlap
doly zarýad berilýär. Ol günde 2 gezek ulanylanda 1

Publicidad

loading

Este manual también es adecuado para:

One hy1200 serieOne hy1200/26One hy1200/25