aýa ýeterlik derejede zarýad berýär (her seans 2 minut
bolanda).
Batareýa çyrasy görkezijisi sary reňkde ýanynp sönse,
Philips One enjamyna zarýad bermelidigini aňladýar
(Philips One enjamyňyza zarýad bermek bölümine
serediň). Aşakdaky tablisada batareýanyň ýagdaýy
görkezilýär:
Galan
çotgalama sany
40–60
çotgalama
7–39 çotgalama Ak reňk ýitelýär
≤ 6 çotgalama
0 çotgalama
galdy
Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy
öçýär. Batareýa zarýad berilmese, diş çotgasy işlemez.
Zarýad berilýärkä diş çotgasy işlemeýär.
Bellik: Önümiň ömrüniň dowamynda batareýanyň
ulanyş wagtynyň azalmagyna garaşylýar.
Arassalamak
Diş pastasyny we beýleki galyndylary aýyrmak üçin, diş
çotgaňyzy we esbaplaryny wagtly-wagtyna
arassalamagyňyz gerek. Önümiňizi arassalamasaňyz,
önümiň gigiýenik bolmazlygy we oňa zeper
ýetmekligi mümkindir.
Duýduryş: Önümi ýa-da esbaplary gap-gaç
ýuwujyda, mikrotolkun peçde, himiki serişdeler
ýa-da gaýnap duran suw bilen arassalamaň.
Diş çotgasynyň tutawajy
1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw
bilen ýuwup durlaň (Sur. 14). Hiç hili diş pasta
galyndysyny goýman aýryň.
2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy
rakowina kakmaň.
Nasadkany arassalamak
1 Her ulanyşdan soň nasadkany we gyllary ýuwup
durlaň.
2 Azyndan hepdede bir gezek nasadkany
tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly
suw bilen ýuwup durlaň.
Syýahat çeholyny ýa-da nasadkanyň
syýahat gapagyny arassalamak
Syýahat çeholyny ýa-da nasadkanyň syýahat
gapagyny hepdede bir gezek ýyly suw bilen ýuwup
durlaň we çygly mata bilen süpürip arassalaň.
USB-A zarýad kabelini we zarýad beriş
portuny arassalamak
1 Diş çotgasynyň tutawajyndaky zarýad beriş
portuny we USB-A zarýad kabelindäki razýomy
gysylan howa üfledip arassalaň.
2 USB-A zarýad kabelini çalaja çygly mata bilen
süpüriň we doly guraýança açyk howada goýuň.
Bellik: Zarýad beriş portuna we birikme ýerlerine suw
degiräýmäň. Arassalanyňyzdan soň, USB-A zarýad
kabelini USB tok üpjünçilik bloguna dakmazdan öň
doly guradyň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony
(ser. "Arassalamak") tokdan sogrup arassalaň, doly
zarýad beriň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän
salkyn, gury ýerde saklaň.
Çalşyrmak
Nasadka
Optimal netijeleri almak üçin, nasadkalary her 3 aýdan
çalşyryp duruň. Philips One bilen diňe Philips One
nasadkalary ylalaşyklydyr.
Model belgisiniň ýerini tapmak
Nasadkany tutawaçdan aýryň. Model belgisi (HY120X)
üçin tutawajyň ýokarsynda, metal walyň golaýyna
serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa,
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da
halkara kepillik hatyny okaň.
Kepillik çäklendirmeleri
Kepillige degişli däl zatlar:
-
Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny
öz içine alýan agyz nasadkalarynda.
-
Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ýa-da ygtyýar
berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy
sebäpli ýüze çykan zeper.
-
Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk
ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da
ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze şykan
zeper.
-
Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar,
iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
Gaýtadan işlemek
-
Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty
hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak
bolmaýandygyny aňladýar (Sur. 16).
DÜZÜMINDE NIKELIŇ METAL GIDRIDI BAR. TÄZEDEN
DIKELDIŞE BERILMELI ÝA-DA TALABALAÝYK
ZYŇYLMALY.
-
Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda
ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini
berjaý ediň.
Batareýa
görkezijisi
Ak reňkde
ýanyp durýar
we solýar
Sary reňkde
ýanyp sönýär
Sary reňkde
ýanyp sönýär
Bipleme sesi
-
-
Çotgalamadan
soň 5 gezek
bipleme
5 bipleme x 2